Allahyň özi we aýratynlyklary nämedir?

Allahyň özi we aýratynlyklary nämedir?

Allah ýaradan zatlaryndan, olaryň hakykysyndan we meňzeşlerinden düýpgöter başgadyr. Şeýle hem ynsan şu çäkli älemde mydam çäkli düşüner, çäkli görer, çäkli eşider.

Hawa, ynsanyň bu älemde görýän zatlary millionda bäş göterimdir. Eşidýänleri hem şonça. Meselem, ol bir sekuntda 40 gezek tolkuny bolan sesi eşitmeýär. Müňden ýokary tolkunlary hem eşitmeýär. Netijede ynsanyň eşitmek ukyby çäklidir. Ol çäk hem millionyň örän kiçi göterimine deňdir. Onuň görüş we eşidiş meýdany hem örän dardyr. Bu derejede çäkli gören, eşiden, bilen ynsanyň «Allah babatda görünmeýär? Ol nähili?» diýmesi – Allah gorasyn! – Ony san we hil taýdan göz öňüne getirip, Ol barada pikir öwürmesi, sypaýyçylykly aýdanyňda hetdini bilmezligidir. Sen nämesiň we nämäni bilýäň Allahy biler ýaly! Allah san we hil görnüşinden daşdadyr we seniň dar ölçegleriň bilen ölçenilmejek derejede beýikdir. Sen ýagtylygyň tizligi bilen trillion ýyl ötelere gitseň we trillion ýyllyk öteleri görseň, soňra gören bu älemleriňi bir ýere jemleseň, bularam Onuň barlygyna deňände mikroskopik bir zadam bolup bilmez. Biz entek Antraktida materigini bilmeýärkäk, bütin kewn-ü mekanlary öwrüp-çöwren Allahyň – Allah gorasyn! – «nähili» we «näçedigi» hakynda nireden bilgilerimiz boljak! Allah Allah bolandygy üçin, Ol «nähili» we «näçe» diýerden mukaddesdir we uzakdyr. Ol biziň her dürli hyýala getirmelerimiziň ötesinde, öteleriňem ötesindedir...

Kelamçy (ygtykat alymy): «Aklyňa her ne gelse-de, Allah ondan başgadyr» diýer. Tasawwufçy: «Aklyňa her ne gelse Ol, onuň werasynyň werasynyň werasyndadyr. Sen mydam, seni örten perdeler bilen misli bir agzy ýapyk çüýşäniň aşagynda ýalysyň...»

Deskartes: «Ynsan hemme tarapdan çäklidir. Çäkli bolan biri, çäksize düşünmez» diýýär. Allah bolsa, barlygy çäksizdir, soňsuzdyr. Bu esasda çäkli düşünýän ynsan ogly Ony gurşap bilmez.

Nemes ýazyjysy Geote: «Seni müň bir isim bilen aňýarlar eý, Mewjud-u Meçhul! Seni müň däl müňlerçe isim bilen aňsam ýene-de seni sena eden saýylmaryn. Çünki sen her dürli wasp etmelerden daşdasyň» sözi bilen bize bu mewjud-u meçhuly düşündirýär.

Pelsepeçiler Allaha bar bolan, emma aň ýetirip bolmaýan barlyk hökmünde düşünýärler. Allah ynsanyň düşünip biljegi, bilip biljegi zatlardan däldir. Göz Ony görmez, gulak Ony eşitmez. Beýle bolsa sen Ol barada diňe nebileriň tälimine uýup ynanmalysyň!..

Allah nähili biliner, Ol wüjudyň (barlygyň), ylmyň ilkinji başlangyjy, ilkinji esasydyr, sebäbidir. Barlygymyz Onuň barlygynyň nurunyň kölegesi, ylmymyz Onuň gurşap alan ylahi ylmynyň bir ýagtysydyr.

Hawa, belli bir derejede Allahy bilmegiň we irfan sahyby bolmagyň, ýagny Ony tanamagyň bir ýoly bardyr. Bu ýol zatlary bilmek ýolundan bütünleý başgadyr. Ýalňyş ýol bilen Ony tanamaga ýüzlenenler, nebisleriniň hamhyýalyny ýatyrmadyk, syzmagyň, aň ýetirmegiň nämediginden habarsyz betbagtlardyr. «Allahy gözledim-de tapmadym» diýen samramalary bilen azaşmalaryny ylym we pelsepe adyndan daşyna çykararlar.

Allah şeýle bir Allahdyr, gerek bolsa içki dünýämizde we gerek bolsa daşky dünýämizde Ol kalp we ruhymyza barlygyny duýdurar we barlygynyň hökman zerurdygyny görkezer we ruhumyzyň çuňluklarynda özüni bize tanadar. Ine, ähli ylymlarymyzyň köki bolan bu wyždany duýgy, bizdäki çäkli ylymlaryň düşünjeleriň, akyllaryň, pikirleriň hemmesinden has kuwwatlydyr. Şonuň üçin biz köp gezek barlygymyzdan we iç syzyşlarymyzdan bihabar bolup hata edýäris, ýolumyzy ýitirýäris.

Älem muny ýatladyp durýan müň dil we müň tardyr. Kuran belagatly – çeper lisany bilen iň beýik ýatladyjydyr – jarçydyr. Pygamber Serwerimiz bolsa iň kämil bir teblygçydyr – habar berýän çapardyr.

«Sygmaryn diýdi hak, ýere, asmana,
Hazynadygy bilindi, bu köňül magdanynda»
Hezreti Hakky

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2024 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr