Külli eradanyň diňe we diňe Allaha degişlidigi Kurany Kerimde beýan edilýär

Külli eradanyň diňe we diňe Allaha degişlidigi Kurany Kerimde beýan edilýär. Munuň bilen birlikde, ynsana jüz-i eradanyň berlendigi hem mälimdir. Beýle bolsa günä iş edýän bir kişi öz eradasyna uýup günä işi edýärmi ýa-da oňa günä işi Allahutagalanyň külli eradasy etdirýärmi?

Meseläniň gysgaça beýany şudur. Ynsanda erk-erada bardyr. Biz muňa isleseňiz jüz-i erada, isleseňiz ynsanyň erki, isleseňiz ynsanyň kesp (gazanmak) güýji diýeliň. Hak Tagalanyň ýaratmasyna-da külli erada, ýaratmak, döretmek kuwwaty, ýagny gudrat, erada we döretmegiň eýesi diýeliň. (Bular Allahyň sypatlarydyr.) Meselem, Allaha degişli tarapy bile ele alnanda, misli Hak Tagala zor salýar-da bolmaly zatlar bolmalysy ýaly bolýar görnüşinde düşünilýär we şeýlelik bilen işe jebir aralaşýar. Meselem, ynsana degişli tarapy bilen ele alan wagtymyzda bolsa, ynsan öz işlerini özi edýär görnüşinde düşünilýär we bu ýagdaýda-da işiň içine «her kim öz amalynyň ýaradyjysy » düşünjesinden ybarat bolan mugtezile düşünjesine eýerýär.

Älemde bolup ýören ähli zady Allah ýaradýar. Bu soragda geçen «külli erada» sözüniň manysy hem budur. Hatda «Wallahü halakaküm wema tagmelun». Sizi-de, işiňizi-de Allah ýaradýar...» Ýagny siziňem, siziň edýän hal-hereketiňiziň hem Halygy ýalňyz Allahdyr.

Meselem, siz taksiçi ýa-da bir jaý salýarsyňyz... bu işleri Ýaradan Allahdyr. Sizem, hereketiňizem Allaha degişlisiňiz. Emma, orta çykan bütin bu işlerde size degişli bir aýratynlyk hem bardyr, o-da kesp we gatnaşmakdyr. Bu bolsa ýönekeý bir şertdir we ýöntem bir sebäpdir. Edil dünýäleri ýagtyltjak ägirt elektrik liniýasynyň düwmesine basan ýaly... Bu ýagdaýda «Siziň hiç bir dahylyňyz ýok, hiç bir goşandyňyz ýok» diýilmejekdigi ýaly, iş dolulygyna size degişli hem diýip bolmaz. Iş tutuşlygyna Allaha degişlidir. Emma, Allah size degişli bu işleri ýaradanda bir bölek goşandyňyzy-da ýönekeý şert hökmünde kabul etmegi buýrupdyr we etjek işlerini onuň üsti bilen edipdir.

Meselem, şu mesjidiň içindäki elektrik mehanizmini Allah gurupdyr, işlejek hala getiripdir. Gaýtadan muny ýagtyltmak işi, düzgüni-de Allaha degişlidir. Elektron akymlaryndan bir yşyk döretmek, mesjidi ýagtylandyrmak bir işdir. Ol hem «Nurun-nur, Münewwirun-nur, Musawwirun-nur» bolan Allahytagala (j.j.) degişlidir. Emma bu mesjidiň aýdyňladylmasy meselesinde siziň hem gatnaşygyňyz bardyr. Ol hem Allahyň guran bu elektrik mehanizminde Allahyň bellän düwmesine basmagyňyzdyr. Siziň eradaňyzdan we takatyňyzdan has aňyrda ol mehanizmiň ýagtyltmak wezipesini ýerine ýetirmegi bolsa tutuşlygyna Allaha degişlidir.

Ýene bir mysaly dykgatyňyza ýetirýärin. Meselem, taýýarlanylyp işlejek, herekete geljek, ýörejek bir enjamy göz öňüne getireliň. Işletmek üçin diňe düwmesine basmak wezipesi size berlipdir diýeliň. Ol enjamy herekete getirmek bolsa ony düzen, gurnan Gudraty Güýçlä mahsusdyr. Şonuň üçin ynsana degişli bu kiçijik gatnaşyga «kesp» ýa-da «jüz-i erada» diýýäris. Allaha degişlisine bolsa «döretmek, ýaratmak» diýýäris. Netijede şeýle bir erada bölünşigi garşymyza çykýar.

A. Külli erada.

B. Jüz-i erada. Erada diýdigimiz myrat etmek, dilemek, islemek diýmekdir, bu tutuşlygyna Allaha degişlidir. Kurany Kerimde: «Allahyň isläninden başgasyny diläp bilmersiňiz» buýrulýar.

Bu hususa ýalňyş düşünilmesin. Biz şeýle pikir edýärkäk, guluň hem «bir barmak degirmek diýiljek derejede eradasy bardyr» diýmek bilen, tutuşlygyna jebri determinizmden uzaklaşdygymyz bolýar. Işi emele getiren Allahdyr diýenimizde bolsa mugtezile mezhebi we rasionalistler ýaly pikir etmeýändigimizi görkezýäris. Bu şekilde-de ne Uluhiýetinde, ne-de Rubibiýetinde Allaha taý we şärik goşmadyklardan bolýarys. Allah (j.j.) Zatynda birdir, älemi we barlyklary ýaradyp dolandyrmagynda birdir... işini başgasyna etdirmez. Allah (j.j.) ähli zady özi ýaradypdyr. Emma, jogapkärçilik, synag ýaly käbir syrlar we hikmetler üçin ynsanyň meýil we gatnaşygyny-da ýönekeý bir şert hökmünde kabul buýrupdyr.

Meseläni has-da aýdyňlaşdyrmak üçin ýagşyzadalardan beýik bir şahsyýetiň bu meselede getiren mysalyny aýtmak isleýärin. Ol şeýle güürüň berýär: «Sen bir çaganyň islegi bilen ony gujagyňa alsaň, soňra-da ol saňa meni pylan ýere äkit diýse, senem ony şol ýere äkitseň, ol hem o ýerde üşäp kesellese, saňa «Meni näme üçin bu ýere getirdiň» diýip nägileligini bildirip bilermi, elbetde bilmez. Çünki özi isledi. Üstesine oňa «Özüňden boldy» diýip bir-iki şarpygam çalarsyň. Indi bu hususda çaganyň eradasy inkär edilip bilnermi? Elbetde edilmez. Çünki ol talap etdi we isledi. Emma ony ol ýere äkiden sensiň... Kesellemesini-de çaganyň özi etmedi. Belki ondan bolan zat diňe isleg we meýil. Şeýlelik bilen bu ýerde hassalygy beren bilen çagany ol ýere äkiden we bu işi isleýän biri-birinden aýrylýarlar. Biz takdyra we ynsanyň eradasyna, bu manyda we bu garaýyşda baha bereris».

Işiň dogrusyny her zady takdyr eden biler.

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2021 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr