Kyýamatyň alamaty hökmünde aýdylýan Dabbetül-Arzyň SPID keseli bilen baglanşygy barmydyr, düşündirermisiňiz?

Kyýamatyň alamaty hökmünde aýdylýan Dabbetül-Arzyň SPID keseli bilen baglanşygy barmydyr, düşündirermisiňiz?

SPID wiruslar sebäpli döreýän ýokanç kesel bolup, çalt ýaýraýan we gutarlyp bolunmaýan kesel bolandygy üçin «asyryň keseli» adyny aldy. Bu kesele ýoluganlaryň sany on aýda iki esse artmagy bilen birlikde, SPID-i ilki açan ylym adamlaryndan biri bolan dr. M. Gottliebiň sözi bilen aýtsak «bu keselden halas edýän bejergiň ady heniz sözlükde ýokdur».

SPID ilkinji gezek 1981-nji ýylda bilindi we oňa degişli gyzyklanma soňraky ýyllarda gitdigiçe has artdy. Lukmanlar onuň nämedigini, nähili dörändigini, nähili ýaýrandygyny, bejergisini bilmek üçin iş alyp barýarkalar, halk arasynda-da uly bir howsala düşmek başlandy.

1980-nji ýyllara çenli beýle keseliň bardygyny hem bilmeýärkä SPID-iň birden ýüze çykyşy hakynda käbir ylym adamlary ösen ýurtlarda wiruslarda geçiren barlaglarynda käbir wiruslaryň gurluşy üýtgedilendigini we bu wiruslar gowy goragda saklanylmansoň ynsanlara ýokuşmagy sebäpli SPID giň ýaýraýar diýen pikirdedirler.

Keseliň esasy ýokuşma ýoly jynsy gatnaşyklar bilen baglydyr we gurbanlarynyň 72 göterimi gomoseksual erkeklerdir. Gan we gan goýberilmegi bilen ýokuşyp biljek wirusy özünde göterýän hamyla eneden çagasyna-da geçip bilýär. Hassalaryň takmynan 17 göterimi neşekeşlerdir.

Wius ýokuşan ynsanynda SPID ösmänem bilýär. Ol ynsanlarda bildirip duran üýtgeşme-de bolup geçmeýär, agyrýan-ynjaýan ýeri bolmaýar, emma, özlerinde wirus göterýärler we ýokarda aýdyp geçen ýagdaýlarymyzda başgalara ýokuşdyrýarlar.

SPID wirusy ynsanyň kesele garşy durumlylygyny bozýandygy üçin bu kesel ýokuşanlar garşylyk görkezijilik ukybyny ýitirýär. Şeýle pursada, garaşyp ýatan başga-da birnäçe keselleriň wiruslary şol bada möwjäp ugraýarlar we hassa gysga wagtyň içinde aradan çykýar.

Bu mesele häzirki günüň iň ýiti meselelerinden birine öwrülendigi sebäpli bir ýylyň içinde bu sowaly maňa birnäçe gezek berdiler. Menem hersinde jogap bermäge çalyşdym. Häzir ýene-de soraýarlar. Menem sorag bereniň göwnüni ýykman ýene bir gezek jogap bereýin.

„Dabbetül-arz“ sözi Kurany Kerimde hem-de hadysy şeriflerde bar. Dabbe sözi ýeri depeleýän, aýagynyň üstünde ýöreýän, janly zat diýmekdir. Meselem, Allah ýerýüzüni depeläp ýören, ýöreýän, aýaklarynyň üstünde eklenýän dürli barlyklary bir sözde öz içine alyp buýurýar: «Allah her janly zady suwdan ýaratdy. Olaryň kimi göwresi bilen süýrenip (süýren;jiler) ýöreýär, kimi iki aýagynyň üstünde, kimi dört aýakda ýöreýär. Allah isleýşi ýaly ýaradar...» (Nur, 45). Bular şu çaka çenli biziň bilýän zatlarymyz. Hawa, mikroorganizmden başlap iň uly barlyklara çenli, gadymky dinozawrlar, soňraky mamontlar, piller we kerkler... bu barlyklaryň ählisi umumy hökümiň astyndadyrlar. Emma, ýene-de biziň bilmeýän zatlarymyzam bardyr. Allahyň buýrugy bilen geljekde, dürli-dürli görnüşlerde olar hem ýaradyljakdyr. Mikroorganizm görnüşindäki SPID hem şolardan biri bolup biler. Atmosfera, yklyma görä tapawutlanýan, hil-hil barlyklar bolup biler. Hatda bular janly barlyk bolman başga bir barlyklar hem bolup biler...

Kurany Kerimiň başga bir ýerinde «dabbe» Allahyň ryzklandyran „dabbeleri“ barada «Ýerýüzünde hiç bir janly ýokdur ryzky Allahyň elinde bolmadyk» (Hüd, 6), «Niçe janly (dabbe) bardyr, ryzkyny özi götermez. Olary-da, sizi-de Allah iýmitlendirer» (Ankebut, 60). Hawa niçe „dabbeler“ bardyr, siziň hem, olaryň hem ryzkyny bermegi Allah öz üstüne alandyr. Iýmitlendirýän, ulaldýan we köpeldýän diňe Oldur.

Soragda berlen dabbe bolsa Neml süresinde geçýär. «Ol söz, başlaryna düşen wagty, olara ýerden bir Dabbe (janly) çykararys, ol olara ynsanlaryň aýatlarymyza ýürekden ynanmadyklaryny sözlär», ýagny, işiňiz tamam boldy, ýer ýüzünde görülmek, synalmak wezipäňiz, ýer ýüzüniň hem sergi jaýy bolmak wezipesi indi gutardy. Bu sergi jaýynyň açylmagynda maksat şudy. Allah bu ýerde bilinip tanalmagyny we munuň yglan edilmesini isleýärdi. Indi, bu gün, bilinmeýändigine we Allah diýenleriň sanynyň gün-günden azalýandygyna görä, Allah siziň hem ýaşamak hakyňyzyň ýok bolmagyna höküm etdi. Ine bu hökümiň berjaý edilmegi üçin hem ýerden gepläp bilýän bir dabbe çykardyk. O dabbe isle söz bilen, isle mikrofonda, islese güýç dili bilen bolsun gepleşýän bir dabbedir we indi mundan beýläk ynsanlaryň iman etmejeklerini yglan etjekdir. Ýagny, dabbeniň döremegi bar bolan imany ýagdaý we imana hyzmat edýän toparlaryň ösüşiniň togtap yza gaýtmagy, hatda tutuşlygyna gutarmagy, ýok bolup gitmegi diýmekdir. Şeýle hem bu aýatyň yzyndan gönüden-göni haşry-neşir bilen baglanşykly aýatlar gelýär we onuň kyýamatyň möhüm alamatydygy düşnükli bolýar.

Dabbetül-arz iň uly on kyýamat alamatlarynyň biridir we şol bir wagtda iň soňkusy bolmagy hem ähtimal. Sebäbi, aýatyň äheňinden we düýp manysyndan aňlanylşyna görä, bu jandaryň döremegi bilen şondan soň ýer ýüzünde imanyň möwjemegi, ýaýramasy durjak we yslama degişli ähli zat örän çalt guramaga we tükenmäge başlajak. Ynananlaryň yzyndan indi yananlar gelmez, ynanlar hem kämil imana ýetip bilmezler. Diýmek, ylym we pelsepe örän ileri gitjek, tehnika we tehnologiýada başyňy aýlaýan ösüşler boljak, ynsanlar ýaratmak (!) söwdasyna baş goşjaklar... çüýşeleriň içinde, çüýşede bäbek emele getirjekler, robot adamlar ýasajaklar, dünýäni dolandyrmak hem olara galjak. Her tarapy «ýaratdym» diýen aklyndan azaşan ykmandalar tutjak we asla Allahyň ýakynyna-da ýanaşmajaklar. Ine aýatyň äheňinde şu zatlar bar...

Dabbetül-arz Serwerimiziň (s.a.w.) mübärek hadysynda-da Kurany Kerimde düşündirilişi ýaly şekilde ele alynýar we boljak zatlara degilip geçilýär. «Dabbe çykjak, ýer ýüzüni aýlanjak we gysga wagtda her tarapda görüljek» diýen hususlarda hadysda aýdylýar.

Dabbtül arzyň SPID bilen arabaglanşygy barmy diýen sowala gelsek, ilki bilen şuny aýtmak isleýärin. Käbir arkadaşlarymyz – elbetde hökman gowy niýet bilen –häzirki günümizde dörän käbir hadysalar sebäpli aýatlara we hadyslara salgylanyp, bir arabaglanşygy gözleýärler. Kuran we Serwerimiziň beýanlaryny has-da berkitmek isleýärler. Bir tarapdan ösen tebigy we takyk bilimler, pozitiwizm we rasionalizm akymlarynyň garşysynda dogrumy-ýalňyş Kuran we Sünnete degişli meseleleri, ylmyň we tejribeleriň netijesi bilen güýçlendirmek we goldamak, bu ýol bilen ylym we tejribe ynsanyna bir zatlar düşündirmegi maksat edinýärler. Meniň pikirimçe, geljekde tankyt edilmek beýle-de dursun, häzir şeýle hereket etmegiň zyýanlydygyny aýtmak hem howlukmaçlyk bolsa gerek... Hakykatdan-da Kuranyň we Sünnetiniň nurly beýanlary ylymlaryň goltuk hasasyna mätäç bolman, ynsan wyždany tarapyndan duýuljak derejede parlak we ýalňyşdyrmaýanlygy üçin elmydam kabul ederlikdir. Mundan hem öte beýan ediljek her delil Kuran we Sünneti ylymlar bilen ylalaşdyrmak, dünüşdirmek, güýçlendirmek ugrunda görkezilen her gaýrat biziň öz ejiz aklymyzy örten toz-topragy süpürmek maksady bilen ýüzlenilýän bolsa muňa sözümiz ýok, hiç kimem muňa garşy bolmaly däldir. Ýok, bu deliller, bu sözler, bu beýan we bu gaýratlar Kuran we Sünnet hakykatyny omuzlap daşamak üçin bolsa, meniň pikirimçe, ol omuzlar bu beýik hakykatlary daşardan ejiz we ysgynsyzdyrlar. Şonuň üçin hem häli-häzirki ýagdaýlary sebäpli hatda umyt we ynamdarlygy wada etmeýän bu zatlara nädip bil baglap bolar? Ertir başga bir ylmy öwüsgin tarapyndan südürlip bir tarapa itilmejekdigine kim kepil geçip biler we beýle dereksiz emrlere Kuranyň we Resulyllahyň beýanlaryny bina etmek, hatda Kitap we Sünneti ylma tassyklatdyrjak bolmaga çalyşmak goragyny üstümize aldygymyz hakykatlara garşy hormatsyzlyk bolmazmy?..

Indi bolsa, SPID bilen Dabbetül-arzyň biri-birine näme dahylynyň bardygynyň üstünde durup geçeliň? Bilşimiz ýaly bu mesele asyryň çendenaşa betnyşanlyklaryndan birisidir. Edebim sebäpli ýaramaz işleri suratlandyrmak islemeýärin. Onda-da SPID ýaly, gürrüňi edilýärkä utanjymdan gulaklaryma çenli gyzardýan meselede...

Häzir, päk zehinleri bulaşdyrmajak şekilde söz açmaga çalşaýyn. Ilki bilen, «SPID Dabbetül-arzyň kiçijik bir parçasydyr» diýilmesi dogry bolsa-da, SPID dabbedir diýmek dogry däldir. Çünki, ony aýatyň esasy ýorgudy etmek, bu pikir ýok bolup giden wagtynda aýatyň ruhuna zeper ýetirer. Bu güne çenli gaty köp keseller döredi we adamzady gysdy-gowurdy, soňra-da geçdi gitdi. «Allah dermanyny bermedik bir keselem indiren däldir». Ebu Dawudyň Ümmi Seleme enemizden rowaýat buýrdugy bu hadysda «Her hassalygyň garşysyna Allahyň bir derman hem iberendigi» aýdylýar we dermany tapylmajak dert ýokdur. Diňe ölümiň dermany ýokdur. Serwerimiziň başga bir beýanynda «Bir-de garrylygyň dermany ýokdur» diýilýär. Herkes gutulgysyz garrajakdyr we öljekdir. Hawa, garrylygyň we ölümiň çäresi ýokdur, emma, bulardan başga her derdiň dermany bardyr.

Indi bolsa munuň bilen onuň arabaglanşygyny düşündirmäge çalşaýyn.

SPID diýlip atlandyrylan bu kesel dünýäniň aýry-aýry ýerlerinde görüldi emma, şükür edýärin, Türkiýede kän bir görünendigi barada zat aýdylmaýar. Muňa hem aňymyzdan öçürip, ruhumyzdan söküp aýyrdygymyz yslamyň arassa ahlak we düzgün-kadalaryna borçludyrys. SPID bir zamanlaryň inçe keseliniň we mergisiniň, häzirki günlerimiziň düwnüginiň ýeten derejesine heniz ýetenok. Düýnki gün ol kesellere, bu gün bolsa düwnüge Dabbetül-arz diýlip bilnerdi we diýilmelidirem. Emma «Dabbet-ül arz» külli hakykatynyň bir bölegi hökmünde, geçmişiň ol eýmenç belalary bolan inçe kesel we mergi Allahyň ýaradan dermanlary bilen ýeňildi we «Dabbet-ül arz» depderinden öçürildiler. Düwnük hem soň nokatlaryna daýanýar. SPID-iň başyna-da şeýle gün geler. Mergi geçmiş adamlaryň gorkunç düýşleridi.

Üns beriň, ýeke bir mysal, Amwas diýlen ýerde Ashaby Kiramdan otuz müňe ýakynyny merginiň alyp gitmesi nähili elhenç hadysa. Käbir ahmala galan ülkeleri hasaba almasak, şu günki günümizde beýle ýokanç kesellere duş gelinmeýär. Eger mergi öňi alynmagyndan öň aýat we hadyslar bilen, döwrümizde düşündirilişi ýaly düşündirilsedi, Dabbetül arza mergi wirusy diýilse diýiläýmelidi. Çünki mergi hem örän çalt ýaýraýan, hem örän gorkunç keseldi.

Edil şonuň ýaly, bu gün köp ynsanda düwnük keseli bar. Bu barada hünärmenler bir ynsanda dörän düwnük öýjükleriniň wagtyň geçmegi bilen öňi alynmaz ýaly derejede howpy emele getirýändigi bilinýär diýýärler. Bu gün dünýä derejesinde geçirilen statistiki hasaplamalara görä düwnük bilen baglanşygy bolan ynsanyň sanynyň hopukdyryjy derejededigi we munuň garşysyna netijeli bir bejerişiň tapylmaýandygy barada aýdylýar. Tapylanok, emma gözlenýär. Allah şowuna etse tapylarly görünýär. Indi, eger her bir erbet kesele Dabbetül arz nukdaý nazardan garaljak bolsa, düwnük hem bu meselede üns berilmäge mynasyp bir kesel. Hatda düwnük bilen bu gün deňeşdirilip görülse SPID-iň onuň ýüzde birisiçe-de ýaýramandygyny göreris. Hawa, mesele san taýdan öwreniljek bolsa, bu günki ýagdaýa görä SPID-den öňde has gorkunç keseller bar. Dermany tapylmaýandygy göz öňünde tutulýan bolsa, ertir muňa-da derman tapylan ýagdaýynda hadysa hökmünde garalanyna degmejek zada öwrülmezmi? Rugsat etseňiz bir hadys bilen baglanyşykly kiçijik bir oýlanma bilen muny has aýdyňlaşdyrmaga çalşaýyn.

Köpiňiz eşdensiňiz, käbir kişiler öňüni-soňuny pikir etmezden we ylmyň hatyrasyna bir işler edýärin diýen düşünje bilen hadyslary we aýatlary howul-hara öwrenip Serwerimiziň (s.a.w.) «Pis açandan arslandan gaçan ýaly gaçyň» manysyndaky hadysyna sözde ylmy we Serwerimiziň gaýypdan habarlydygyna delil getirmek maksady bilen şeýle düşündiriş berýär: «Bilýärmisiňiz, näme üçin pygamberimiz arslandan gaçmak deňeşdirmesini ulanypdyr? Çünki pis açan keseliniň mikroby arslana meňzeýär, şonuň üçin». Bu şeýle bir gyssanylyp aýdylan sözdür, geljekde bu mikrobyň mikroskobyň aşagynda öwrenilen mahaly onuň arslana meňzemeýänligi belli bolsa, dine peýdalymy ýa zyýanlymy boljakdygynyň hasaby çykarylmandyr. Çünki, düşündiriliş hadysa daýanylyp aýdylansoň, hadysda dogry aýdylmadyk ýaly kabul edeiljek. Netijede düşündirişiň ýalňyşdygy orta çykan mahaly – Allah saklasyn! – bu toslama beýany Serwerimiziň özi aýdan ýaly görüljek we soňunda-da hadys güýjüni gaçyrjak.

Şuňa görä işiň aslyny çuň öwrenmän beýle zatlary aýtmak örän ýalňyş we zyýanlydyr. Bular ýaly howul-hara düşündirişler däl, yslamy meseleler pozitiw usullar bilen iň berk ýorumlar edilende-de, köneler aýtmyşlaýyn «fihi nazar» (meniň pikirimçe, dogrusyny Allah biler) diýip pikir öwrere ýer goýmak, başga garaýyşlary gözden salmazlyk we mümkinçilikleriň çäginde dürli ýorumlara-da ýol goýmaga mejburdyrys. Galyberse-de bu gün pozitiwizmiň aýaklary ýerden üzülipdir we oňa indi şübhe we ynamsyzlyk bilen garalýar. Bu gün günbatarda ylym barada iň giň ýaýran düşünje her zadyň bir ölçege görä ýalňyşdygyny kabul etmek ýolunda hereket edýär we ylymda edilen ýalňyşlary yza goýa-goýa ilerde ýalňyşsyz bir ylma ýetmek düşünjesi bar. Bu düşünje hem beýleki düşünjeler ýaly tankyt edilip bilner. Şonda-da ol pozitiwizmiň we rasionalizmiň soltanlygynyň sarsandygyny görkezmek babatda örän ähmiýetlidir.

Şeýlelik bilen, iň berk ýaly görlen tejribe ylymlaryna-da, şeýle ynamsyzlyk, şeýle şübhe dörändiginden söz açylýan bolsa, onça-da güýji we agramy bolmadyk nazarýetler bilen aýatü-beýýinaty we hadys-y şerifleri bu nazarýetlere görä düşündiriş bermek, «aýaty we sünneti kuwatlandyrýarys» diýip, olaryň mertebesini peseltmek bolar. Häzirki döwürde bu meselede ýerliksiz kitaplar juda köpeldi. Hawa, gysga wagtyň içinde köp kitaplar ýazyldy, emma artykmaç däl, birnäçe ýyl geçensoň bularyň hemmesini okajak nesiller olara gülerler we biziň ýaly ýazyp düşündirenleriň betbagtdyklaryny aýdarlar. Emma, meseläni başgaça ähtimallar içinde we has giňişleýin ele alyp, şu-da, şu-da bolar diýenler, ýazyp-aýdanlarynyň üstünden ýüz ýyl geçse-de, ýene täze we özboluşlylygy bolup galar.

Hawa, bu düşünje bilen ýazylan eserleriň üstünden asyrlar geçendigine garamazdan, olar häzirem dili süýji, häzirem özboluşly, häzirem ajaýyp, häzirem täze, häzirem dury, häzirem ter-tämiz.

Meselem, ilki delil diýen zatlarymyzyň dogrulygyny kabul edýäris we soňra netije we taglymatlary olara daýandyrýarys. Munuň tersine, netije we taglymatlaryň dogrulygyny delilleriň kömegi bilen subut etmek hem mümkin. Meselem, Allah bar we bu deliller-de Ony görkezýär, Resulullah Hatemül enbiýadyr, şular hem oňa delillik edýär. Aýagymyň aşagynda şu kiçijik garynjalar, şu mikro jandarlar size düşündirmek islän hakykatlara yşarat edýär... görnüşinde bolmaly. Bu bakyş başga, «delil» diýip ele aldygymyz bu ejiz, bu ysgynsyz zatlary tutuna-tutuna, gökleriň we ýeriň ýaradyjysy, Ol, «Lehu makalidüssemawati wel-ard» bolan Gudraty Güýçlüni aňlatmak başga. Ine, meniň pikirimçe, SPID-de hem şunuň ýaly ýalňyşlyk goýberildi. Muny imanly we ynsaply adamlaryň edendigi üçin edenleriniň sogabyny gazandylar. Emma ertirki gün imansyz we ynsapsyzlar bu düşündirişleri we ýorumlary serişde edinen wagtlary bu imana we Kurana «gahrymançylyk» edenler örän utanarlar we ýalňyş ýorumlarynyň gyjalatyndan iki büklüm bolarlar.

Muňa görä hadyslardan we Kuran aýatlaryndan söz açylan mahaly her mümin örän ünsli sözlemelidir, dykgat berip oýlanmalydyr we olar bilen baglanşykly hususlarda ýalňyşmakdan ägä bolmalydyrlar.

Eger bu meseläni ýagşy niýet bilen ele alan doganlarymyz diýselerdi: «SPID hem Dabbet-ül arzyň görnüşinden bir jandar bolup biler» diýen bolsadylar – inşallah maksat-niýetleri hem budur – men muny öperdim we başym üstüne goýardym. Hawa, SPID Dabbet-ül arz hakykatynyň bir parçasy bolup biler we oňa degişli bir wezipäni hem ýerine ýetirip biler. Häzir hem ýykgynçylygyny bar güýji bilen dowam etdirýän düwnük hem Dabbet-ül arzyň görnüşinden biri bolup, oňa degişli bir topar kiçijik wezipeleri ýerine ýetirip biler. Emma, bularyň hemmesi ynsanlaryň mundan soň berk ynanmajakdygyna bir dil, bir terjimeçidigini beýan edilen, tehnologiýanyň we ylmyň tersine ulanylmagy sebäpli orta çykjagy syzylan, özüne mahsus manysy bilen «Dabbet-ül arz» her zatdan başga, hatda öz böleklerindenem başga, özüne mahsus, täsinligi sebäpli kynlyk bilen duýulan bir üýtgeşik zatdyr we onuň döremegi yslamy gymmatlyklaryň soňy diýmekdir. Şonuň üçin biz ýene Buhary we Muslimde zikr edilen bir hadysy şerife daýanyp diýýäris: Musulmanlar iru-giç bir gün şübhesiz bütin dünýä häkim bolarlar. Eger häzir Dabbetül arz dörän bolsa, bu biziň umydymyza indirilen agyr zarbadyr. Çünki Dabbetül arz diýýär: mundan soňy ýakyn, mundan soňra iman ýok, mundan soňra ýykylyş, mundan soňra ýumrulyp gitmek bar. Beýle bolsa biz yslamyň älemiň şapagynda dogup pajarlap ösjekdigine we dünýä deňagramlylygynda täzeden öz ornuny eýelejekdigine yananýarys. Bu gün bu ýerde görýän ynsanlarymyz ýaly dünýäniň dört künjünde-de musulmanlar egin-egine berip Hezreti Muhammedi (s.a.w.) gözlejekler we Onuň bilen ýene bir gezek görüşjekler. Dabbetül arzyň jany jähenneme! Biz oňa has soňra garaşýarys we ynanjymyza görä, ol käfirleriň başyna kyýamatyň gopjak döwrüne ýakyn dörejekdir. Tersine bolan bir düşünje bolsa hem biziň akydamyza ters, hem-de umydymyza indirilen zarbadan başga zat däldir.

Şeýle hem Dabbetül arz bolmaga dalaşgär, nobatyna garaşýan, anyk we ähtimally ýene bir süri ýaradylanlar bar. Meselem, olardan birisi häzirem bir topar bilim adamlarynyň senariýlerinde iş bolýan we geljekde adamzadyň takdyryna häkim boljakdygyndan söz açylýan robotlar... Kuran yşarat edýär, ýer ýüzünde şular ýaly, bular ýaly jandarlardan başga-da Allahyň ýaratjak käbir zatlary bardyr siz olardan bihabarsyňyz. Ýagny, ne söz diňlärler, ne-de merhemetden aňlarlar. Ne aglamalary, syzlamalary diňlär, ne-de aýaklaryna ýykylyp aman diläp bilersiňiz...

Hatda beýle bir zat häzirden şeýle bir endişä goýýar, bu tehnologiýa bilen meşgul bolýanlar bir gün programmalap, ugrukdyryp kosmosa goýberenlerinden soňra, olaryň ähli töwerekleri ýakyp-ýandyryp, ýykan-ýumran ederinden, ylalaşyljak bolunsa-da ylalaşyga gelmejeklerinden, ýer ýüzünde doly başagaýlyk döredip ähli zady agdar-düňder etjekdiklerinden söz açýarlar. Dabbe hakykatynyň bir bölegine çynlakaý dalaşgär peýda boljak ýaly görünýär...

Emma, bularam ýene gyssanmaç gelnen karar bolup biljekdigi üçin sözüňe has dykgatly bolmak gerek. Ýogsam bolmasa tehnikanyň tankyndan, geljegiň robot adamlaryna çenli, bu günüň göze görünmeýän wiruslaryndan, ertiriň gör kim bilýär nähili möwjäp duran we uly gyrgynçylyklar getiren ýokanç kesellerine we owunjak barlyklara çenli, ondanam ahyrzamanda meňzeşi görülmedik gan döküşiklikler bilen dörejek we millionlarça ölüm getirjek, heniz ady hem belli bolmadyk keselleriň wiruslaryna çenli hemmesi ilki ruhuň soňra bedeniň ölüminiň dili bolan «Dabbetül arzyň» bir wekili bolup biler. Meniň pikirimçe, meselä bu nukdaýnazardan seretmek bilen bir tarapdan Kuranyň aýatu-beýanatyna we Sünnete hormat goýluşy ýaly, başga bir tarapdan-da ýazgylaryň ylahy taraplary açyk galar.

Şuny çyn ýürekden aýdýaryn, ýokarda pikir we garaýyşlary mysal getirlen arkadaşlaryň päk niýetli we arassa ýüreklidiklerine ynanýaryn. Olaryň ýanynda öz pikirlerime bir dirhemlik hem baha bermeýärin. Emma, muňa garamazdan bu meselede düýpli ýalňyş hereket edýärler. Päklik aýry mesele. Sünnete, Kitaba hormat goýmak we olaryň ruhuna wepaly bolmak başga bir meseledir.

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2021 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr