Deliller... Deliller... We ýene deliller...

Bedende emele gelen bir ýara bitýär, ýüzüni gabyk baglaýar, soňra ol gabygam gurap, sypyrlyp gidip, özi-özüni bejerýän bolsa, bu ol ýaranyň dörän bedeniniň janlydygyna delildir.

Miwe, miwäni ýetişdiren agajy görkezer... Ýoldaky yzlar ýöreýäni äşgär eder. Gezen ýerlerimizde suw syzyntgylary bar bolsa, ol ýerde suw çeşmeleri hem bardyr. Ynsanda-da şeýle yzlar, şeýle syzyntgylar we bejerişler bar, oňa bakanyň ahyreti görmezligi mümkin däl.

Belli bir çägi we serhedi bolan kalply ynsana bu soňsuzlyk pikiri nireden geldi? Onuň munuň ýaly düşünjä öz-özünden eýe bolmagy mümkin däl. Bu älemde oňa beýle ylhamy berjek barlygam ýokdur. Beýle bolsa ondaky bu duýgy esasan başga älemde aňyna guýlandyr. Suw syzyntgylarynyň suw çeşmelerine delilligi nähili berk bolsa, ebedilik syzyntgylarynyň hem ebedi älemlere delilligi şonuň ýaly berkdir.

Ynsan içki äleminiň syrly taraplary bilen, maddy älemde gazanyp bilmedik netijelerini gazanar. Ynsan şeýle bir joşa geler, dünýä we dünýädäki ähli zatlardan ýüz öwürer we Allahdan gaýra hemme zatdan ýokary göterler. Bu hal we ýagdaý şu imkan (barlygy we ýoklugy deň) äleminiň üstünde mümkin bolmadyk bir barlyk bilen arabaglanşygyny aňladar. Şu çäkli, ýykylan, düzelmeýän we düzelmejek dünýä hiç haçan ýykylmajak bir ýurduň boljakdygyna delildir. Şeýle ýagdaýdaky her bir barlyk bir tarapdan sahybyny görkezýärkä, başga bir tarapdan öte älemdäki ýetjek derejelerine yşarat edýär.

Ynsan bedenindäki öýjükler nädip biri-biri bilen habarlaşyp arabaglanşyk gurýar, birinde ýüze çykan kemçilik sebäpli dadyna ýetişmäge beýlekisi howlugýar, bir beden aýry-aýry welaýatlar ýaly işleýärkä, zerurlyk dörände bu welaýatlar bir ten, bir jan bolup umumy duşmany kowup oňa garşy bir merkeze öwrülip, güýçlerini jemläp bilýän bolsalar, edil şonuň ýaly älemiň synasynda ýerine görä ýürek ýaly uran, göz ýaly yşyk saçan, käte giňäp, käte gysylan iň kiçi planetadan iň uly ýyldyz dumanlygyna (ýyldyzlar toplumyna) çenli, ähli älem, edil aýry-aýry synalardan emele gelen beden ýalydyr. Belki bütin älem bir melege ynanylandyr we älemiň ruhy oldur. Älem üýtgeşik hal-ýagdaýy we ynsandaky kiçijik mysaly bilen bir janly hökmüne Jenaby Hakyň ismleriniň şöhlelenýän bir aýnasydyr. Edil ynsan synalary ýaly ol hem ýaralanyp, ýarasyny bejerýändir. Eýnşteýn: «Bilinmeýän bir syr bilen älemiň uzak künjeklerinde täze-täze jisimler döräp durýar» diýýär. Elbetde, bu älem diýlen kaşaň köşgi gurandan soňra Jenaby Hak ony bir ynsan bedeni görnüşde bütewi eder we o-da wezipesini gutarýança işini dowam etdirjekdir.

Ýer ýüzünde ynsanlaryň wezipeleri ýerine ýetirilýänçä ol bir ýürek ýaly urup durjak, göz ýaly görjek we Güneş ýaly ýagtylyk saçjakdyr. Özüne ynanylan wezipäni hem aň-düşünjeli bir mümin edasy bilen ýerine ýetirjekdir. Munuň üçin hem ýykylan ýerlerini dikeldip, bozulan ýerlerine bejergi etjekdir we bu älemiň yşarat edýän ikinji bir älemini aýratyn bir görnüşde gurjakdyr.

Biz barlyklara we hadysalara doly aralaşyp bilmeýäris. Olaryň arasynda haldan we dilden hiç birzada düşünmeýän tomaşaçylar we syn edijiler ýaly aýlanýarys. Şonuň üçin haýsy zatdan nämeler bolar heniz bilmeýäris.

Belki bir gün barlygyň we hadysalaryň ruhuna girsek olaryň dörediliş ýagdaýyna doly aralaşyp bilsek, ömrümize duzak guran mikroplardan hem uly gerimde peýdalanmak gapylary açyljakdyr. Belki-de dürli mikroplary öndürýän fabrikler gurarys we ýurduň girdeji çeşmeleriniň iň ulusyna eýe bolarys. Emma häzirki wagt biz akyp ýatan derýany diňe synlaýan we onuň köp dürli taraplaryndan peýdalanyp bilmeýän ynsanlar ýagdaýyndadyrys. Hawa, barlyklar we hadysalar akýar, biz bolsa diňe olara seredip otyrys. Ýöne, Allahyň Resuly (s.a.w.) bir dogasynda Jenaby Hakdan barlygyň we hadysalaryň içine aralaşmagy dileg edýär we «Allahym maňa barlyklaryň hakykatyny görkez» diýýär. Ynsan üçin baş maksatlaryň biri we belki-de birinjisi barlygyň hakykatyna aralaşyp bilmek derejesini gazanmakdyr. Ine, bu derejäniň esasynda älem derňelinende her barlygyň we hadysanyň werasynda, ýukajyk perdäniň aňyrsynda ahyreti görüp biljekdiris.

Ýer ýüzünde tiken gül bilen, bilbil garga bilen bir ýerdedir. Aslynda biri-birine gapma-garşy görnen barlyklar bir-biriniň üstüni dolýandyr. Älemde hebes ýa gerekmejek hiç bir hadysa we zat ýokdur. Meselem, ýer ýüzündäki ähli itleri ýok etsek, tebigatda bir boşluk emele geler. Bir wagtlar günbatarly bir alym guşlaryň bir görnüşiniň ýitip-ýok bolup barýandygyny we bu sebäpden tebigatda uly bir gädigiň açyljakdygyny gazet sahypalarynda beýan edipdi.

Älemiň aýlanyşynda her kese we her bir zada bir wezipe berlendir. Şonuň üçin tebigatyň synasyndan nämäni aýyrsaňyz, onuň ýerinde bir boşluk döräp, howsala içinde «Älemde bir boşluk emele geldi» diýip yglan eder.

Nebileriň Nebisi (s.a.w.) Buhari we Müslimde: «Eger itler özbaşyna bir ymmat bolmasady hemmesini öldürerdim» buýurýar. Itlerem özbaşlaryna edil ynsanlar ýaly ymmatdyr. Ol hem uly bir wezipeleri arkasyna alyp, bir gädigi doldurýandyr. Adamlara topulýan, öýlere perişdeleriň girmegine päsgel berýän, bedeninde ynsanlara zyýanly mikroplaryň bir toparyny göterýän itleriň, belki, ýok edilmegi gerekdir. Emma ýok edilmeýär. Çünki bu älem köşgünde onuň hem öz orny bardyr. Esasy mesele onuň ornuny bilmek we öz ornunda goýmakdadyr. Olar ýok edilse orta çykjak zyýan öňüni alyp bolmajak derejede uly boljakdyr.

Agaçdaky bakteriýalar ýok edilse, birnäçe ýyl soňra miwelere şeýle bir keseller musallat bolar, olary ol belalardan halas etmek mümkinem bolmaz. Çünki Jenaby Hak biri-birlerine gapma garşy barlyklar bilen älemde bir deňlik, zynjyr emele getiripdir. Siz ol zynjyryň halkalaryndan birini goparsaňyz, beýlekisiniň azabyna duçar bolarsyňyz.

Hawa älem şeýle bir binadyr, bu binany emele getirýän kerpiçler, biri-biriniň üstünde örülendir. Olaryň arasyndan birini goparaýyn diýseňiz bina başyňyza ýumrular.

Emma hadysalara möwsimler häkimdir. Ýedi ýyllyk bir döwürde däneli ekinleriň, on dört ýyllyk bir döwürde balyklaryň bol-elin boljakdygyny bir ylym adamy belläp geçipdir. Eger bu, döwürler meselesi ylmy häsiýetde we doly manyda öwrenilse, ynsanyň ijtymagy we ykdysady kynçylyklarynyň köpüsi çözülip bilner. Kurany Kerimde aýratyn hem Ýusuf süresinde bu döwürler barada yşaratlar bardyr. Bu gysga döwürleriň nyzam we intizam içinde aýlanyp-dolanyp durmasy, yşarat we subut edilýär, dünýäniň ýaşaýyşy hem bir döwürlikdir. Onuň hem döwri bir gün gutaryp, yzyndan başga bir döwür başlanjakdyr. Dünýäde bolluk we bereket içinde ýaşaýan ynsan, gytçylyk, ähli eşretden kesilmek manysyny göterýän gabyr ýaşaýyşyny görer. Soňra bolsa açykdan-açyk haşyr döwri başlanar. Soň horluk we ejir içinde hasap bermek ýaşaýyşy, has soňra-da syratdan geçmek döwri geler. Baryp bilen jennete barar, görüp bilen Jenaby Hakyň jemalyny görer. Emma berlen nygmatlarda we ýa-da onuň tersine görkezilen ejirlerde endik ediljek, öwrenşilip gidiljek zat bolmaz. Jennet we jähennemde-de aýry-aýry döwürler ýaşalar.

Adiýý b. Hatim (r.a.) (dünýäniň iň jomart ynsany bolan Hatam Taýyň ogludyr. Ilki hristianlyga girip, soň hak din bolan yslamy kabul edendir) şeýle diýýär: «Allahyň Resuly (s.a.w.) bu dünýä degişli birnäçe hadysalary heniz bolup geçmänkä habar beripdi. Şeýle hem diňe ahyrete degişli habarlary aýdardy. Bu dünýäde bolup geçjek hadysalar barada aýdanlary dogry çykdy. Şonuň üçin ahyret barada aýdanlarynyň hem dogry çykjakdygyna düşünýärin».

Allahyň Resuly (s.a.w.) Hezreti Enese şeýle doga edipdi: «Allahym onuň ömrüni uzak, zürýatlaryny hem köp et. Ony jennetiňe sal!» Hezreti Enes ýüz ýaşdanam uzak ýaşapdyr we özüniň aýtmagyna görä ýüz sany zürýadyny öz eli bilen jaýlapdyr. Hezreti Enes şeýle diýipdir: «Allahyň Resulynyň men barada eden dogasynyň ikisiniň kabul bolanyny gördüm, üçünjisine-de umydym bar».

Biz Jenaby Hakyň bellän döwürler äleminde ýaşaýarys. Emma bu döwri-döwran kapyýasyz şygyr ýaly ýolnup gutarýar. O dünýä bu şygyryň kapiýasy bolup onuň üstüni ýetirjekdir. Bu dünýä degişli habar berlen hadysalaryň aýdylşy ýaly bolup geçmegi, mümini şat, käfiri mat etjek bir hadysanyň hem bolup geçjekdigini subut edýär.

Ynsan dogar-dogmaz bir tarapdan ýaşamaga, bir tarapdanam ýogalmaga başlar. Her dogluş bir ölümiň, her ölüm bir dogluşyň buşlukçysydyr. Eger netijede ebedi bir dogluş ýok bolsa ýer ýüzüniň iň betbagt barlygy ynsandyr. Ynsanlaryň arasynda-da nebiler, nebileriň içinde-de Iki Jahan Serweri iň betbagt adam bolup çykýar. Emma, Ol bütin bir jahanyň ýaradylmagyna sebäpdir. Ynsanlyk agajy şeýle miwäni getirsin diýlip oturdylandyr. Ynsanyň ýer ýüzüne gelmeginden, ynsanlaryň arasynda ýaşap geçen nebilere çenli her hadysa netijede ahyreti subut edýär.

Diňe Jenaby Hakyň Allahdygyny, Pygamberimiziň Resulyllahdygyny we Kuranyň Kelamullahdygyny subut eden ähli deliller şol bir wagtda ahyretiň boljagyny hem subut edýär. Çünki iman bir bütewilikdir, ony böleklere bölüp, aýry aýrylykda ele alyp bolmaýar.

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2021 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr