Taryh we pelsepe «ahyret bar» diýýär

Taryh haşyr akydasy taýdan öwrenilse, ilkidurmuş adamsyndan biziň günlerimize çenli ynsanlaryň arasynda haşyra bolan ynanjyň bardygyna göz ýetirýäris. Will medeniýet taryhynda dürli milletleriň ölümden soň diriljekdikleri hakyndaky düşünjelerini, mazara nähili depin edilişlerini diwarlara ýazandyklaryny we dälizlerinde bu mesele bilen baglanyşykly suratlary galdyrandyklaryny beýan edýär. Dünýäniň iň maddaçy ynsanlary bolan faraonlar hem ölümden soňky ömür meselesine ýüzlenipdirler. Faraonyň mazarynda geçirilen gazuw işlerinde şu manydaky sözler tapylypdyr. «Ynsanlar ölenlerinden soňra günäliler ýeriň aşagynda elhenç ýagdaýlara düşmek bilen ebedi galjaklar, günäsiz, arassa ruhlar bolsa meleklere goşulyp belent bir ruhlaryň arasynda täzeden ömür sürjekler».

Bu ygtykat sebäpli faraonlar mazarlaryna iýjeklerini, içjeklerini we iň gowy egin-eşiklerini, bezeg şaý-seplerini öz ýanlarynda goýdurypdyrlar. Düşünjeleri dürs bolmasa-da, ahyrete bolan ygtykatlary olara bu hereketleri etdirýärdi. Diňe mazarlary ýerleşdirilen däliziň diwarlaryna olar balygyň we ýylanyň suratlaryny çekipdirler, ylahlarynyň bu suratlardan hoşlanýandygyna ynanypdyrlar. Bu ynanyşlary hem olaryň ölümden soň başlanýan ikinji ömre ygtykat edendiklerini subut edýär. Çünki çeken şol suratlary bilen ynaçlaryna görä ylahlarynyň razylygyny gazanjaklar we şeýdibem beýleki älemde rahatlanjaklar.

Şeýle hem, kitabül-mewta diýlen, ölüleri bilen birlikde gömülen, wesiýetnama ýa-da doga manysyndaky ýazuw ýadygärlikleri bar. Bu ýazuw ýadygärliklerinde misli öli dillenip şeýle diýýär: «Salam saňa eý beýik ylah! Soňsuz jemalyňy görmek üçin huzuryňa geldim. Lutf et-de jemalyňy göreýin, ony görmäge zardyryn. Men hiç kime zulum etmedim. Hyýanat etmedim. Hiç kimsäni aglatmadym. Hiç kimi öldürmedim. Jebir we zulum etmedim... Halymy saňa beýan edip huzuryňa geldim. Derdim jemalyňy görmekdir». Ine, bu we şuňa meňzeş manydaky ýazuw ýadygärlikleri hem bize o döwürde-de ahyrete ynanjyň bolandygyny habar berýär.

Ähli ynsanlar aýry-aýry ýerlerde, aýry-aýry medeni şertlerde we aýry-aýry döwürlerde ýaşandyklaryna garamazdan hemmesiniň mazarynda, öý-ojaklarynda agtaryş geçirsek ol ýerden geçmişiň sessiz nagra çekip: «Ebedilik! Ebedilik!» diýýändigini eşideris.

Şehristany Zaratustranyň şeýle diýendigini ýazýar: «Ynsan dünýä wezipelendirilip iberilendir. Wezipesini oňat ýerine ýetirenler päklenip melekleriň arasyna goşuljaklar. Ýerne ýetirmeýänler hem ýeriň aşagynda baky bendilikde galjaklar».

Dogrusy, bu sözler terjime edile-edile asyl nusgasyndaky inçeliklerinden daşlaşypdyr. Emma aýdylmak islenen zadyň manysy üýtgemändir we esasy möhüm zat hem onuň manysydyr.

Nähili beýle bolýar, Müsürde faraonlar, faraonlardyklaryna garamazdan ölenlerinden soň dirilmekden söz açyp, derde galýan bolsalar, Eýranda-da Zaratustra we onuň yzyny eýerenler hem edil şol derdi çekýärler.

Hindistan ýüzlerçe diniň bar bolan ýeridir. Belki şol bir diniň içinde ýetişen beýik we uly şahsyýetler soňra esasy many mazmunlaryndan uzaklaşdyrylyp özbaşyna bir dini esaslandyryjylar ýaly kabul edilipdir we munça köp diniň döremegine belki şu ýalňyş düşünje sebäp bolandyr. Bu aýry-aýry dinleriň birleşýän bir nokady bardyr, ol hem ruhlaryň ýaşamaklaryny dowam etdirýändigine ynançdyr. Yslam ygtykatyna görä kabul edilmeýän bir ynanç bolan tenesü akydasy – ruhlaryň başga bir zada öwrülýändigine bolan ynanç Hindistanda ýörgünlidir. Bu jähtden olaryň ygtykatlary ýalňyş we hatalydyr. Emma biziň üstünde durýan meselämiz boýunça ruhlaryň ölmeýändigine olaryň ynanýandyklarydyr. Tenasü akydasynyň nähili bolup geçýändigi hakynda yhtylaf eden bu dinleriň käbirinde durman o jesetden beýleki jesede geçmek ýaramaz ryhlara mahsusdyr. Beýlekilere görä, ähli ruhlar amallaryna laýyk tutular. Emma bu iki düşünjäňem birigýän ýeri, netijede ruhlaryň bir döwürleri tamamlap, bir nokatda durjagydyr.

Budda ruhlaryň dewr-i daim içindäki kynçylyklaryny kabul etmeýär. Oňa görä, ruhlaryň dewr-i daimi ýokdur. Belki ilki başda beýle bir döwür bolup biler. Emma, esasy zat ruhlaryň Nirwana ýetip durmagydyr. Bu bolsa bedeniň hökmany bolan barlyga dolanyp barmagy diýmekdir.

Ähli Hind edebiýaty üns berlip öwrenilse olardan ahyret ynanjynyň damyp durşuny görmek bolýar. Olarda ölen ynsanyň jesedi ýakylýar. Bu hereket belki-de tenasü akydasy sebäplidir. Bu ýerde maksat ruhuň öňki jesedine dönüp, täzeden ýene öňki çeken jebirlerini ýaşamagynyň öňüni almakdyr. Bu hem ahyret ynanjynyň bardygyna delildir.

Grek taryhçysy Gomer ýygy-ýygy ruhlaryň öýlerinden söz açýar. Ol jesetlere çolanyp, geýinip özlerini görkezen ruhlaryň soň, başga bir ýerde täzeden bir bedenleriniň boljakdygyny kabul edýär.

Haşyr akydasy hakynda söz açýanlaryň biri-de Pifagordyr. Onuň aýtmagyna görä bir nebis tämiz bolsa belent älemleriň belent barlyklarynyň arasyna goşular. Tersine bolan ýagdaýda, töweregi ýanyp duran ot bilen gurşaljak ýer ýüzünde tussaglykda galjakdyr. Ynsanlar öz zandynda, öz şahsyýetinde haşyr ediler. Başga biriniň şahsyýetiniň içinde däl, her kim öz şahsyýetiniň içinde dirildiljekdir. Bu diriliş bolsa nähili boljakdygyna garamazdan jismany ýagdaýda, ýagny beden bilen birlikde boljakdyr.

Sokratyň öz ýazan kitaby ýokdur. Onuň ähli düşünjelerini Eflatun ýazga geçiripdir. Şeýle hem onuň ölüm jezasyna höküm edilmegine esas bolan sebäpleriň biri-de ahyrete ynanjydyr we bu ynanjyny ýaşlaryň aňyna guýanlygydyr. Eflatun bolsa onuň bu pikirleriniň dowam etdirijisidir. Ol bu ugurda birnäçe delilleri getirýär. Olardan käbirini dykgatyňyza hödürleýärin.

Tebigat-fazilet delili. Ynsan fazilet, ýagny belent mertebelere ýetmegi üçin ýaradylandyr. Onuň belent mertebeliligi nebsiň bet arzuwlaryndan daşlaşmagy bilen mümkindir. Bu bolsa bir ynsanyň käbir zatlardan özüni mahrum etmegi diýmekdir. Nebsiň bedenden aýrylmasy diýmekdir. Beýle bolsa ynsanyň öz nebsine gapma-garşy bolup käbir mahrumlyklara çydamagy netijesinde ýetip biljek başga bir ýaşaýşyň bardygyna delildir.

Tewal-i Ezdad delili. Dünýäde gapma-garşy zatlar biri-biriniň yzyna düşýär. Bahary gyş, gyşy bahar, tümlügi nur, nury tümlük, gijäni gündiz, gündizi gije we ýaşaýşy ölüm we ölmi ýaşaýyş yzarlaýar. Dünýädäki şu uzyn ömrüň soňlanmasy-da ýene bir dogulmagy getirer. Ýagtylygyň garaňkylygy kowuşy ýaly, dünýä garaňkylygyny ap-aýdyň ahyret kowjakdyr.

Zakire delili. Ynsan kätä ilkinji gezek görýän bir görnüşini öňem bir gezek gören ýaly hatyrlar. Herhal, ol munuň bilen bu dünýede ilkinji gezek garşylaşýar. Ömür biri-birinden tapawutly görnüşleriň beýlekilerini yzarlap gelmeginden ybaratdyr. Diýmek biziň bu ýerdäki hatyrlaýanlarymyz bu ýere gelmezden ozal başga bir älemde ýaşandygymyzy aňladýar. Beýle bolsa bu älem öňdäki geçen älemiň netijesi we özünden soň geljek älemiň başlangyjydyr.

Dogrusy bu soňky delilde tenasü hakydasy duýulýar. Aslynda Eflatunda hem bu ynanç bolupdyr. Emma biziň üstünde durýan meselämiz onuň ahyerete ynanjy we bu meselä ünsi çekenligidir.

Aristotel şeýle diýýär: «Ynsan maddasynyň daşynda görünmeýän mysaly bir beden bardyr we ol ölümsizdir».

Aristo materialistleriň öňe tutýan bir filosofydyr. Muňa garamazdan, ol hiç bir belgä bagly bolmadyk ölümsiz bir barlykdan söz açypdyr. «Ynsanyň jesedi belki çüýrär, emma mazar ony her zatlar bilen gurşap alyp tussaglykda saklap bilmez. Mazary, maddany, jesedi we dünýäni geçip beýleki älemde ganat kakjak görünmeýän, mysaly bir beden bardyr...» - diýip ol pikir ýöredýär

Rewakiýe akymynyň ýolbaşçysy Zenon: «Ynsanyň bedeninden başga bir nebis (jan-ruh) hem bardyr, ynsan ölenden soň bu nebis ýaşamagyny dowam etdirjekdir» diýýär. Rewakiýäniň ahlak ýörelgeleri bardyr. Bu ýörelgeleriň içinde-de şulary görýäris. «Bu älemi şeýle gözel ýaradan, ynsana bolan söýgüsi bilen älemi tertibe salan Gudraty Güýçliniň ynsany öldürip soň diriltmezligi mümkin däldir».

Geraklit hem bu mesele bilen baglanyşykly şeýle diýýär: «Ikinji gezek dirilende ynsanlar ýyldyzlaryň etrapynda, daş-töwerekleri ýanyp duran ot bilen gurşalyp dirildiljekdir. Ol ýerden halas bolup bilmejek habis (hapa, günäli) ruhlar şol ataşyň içinde ejir çekerler. Arassa ruhlar bolsa bu agyrlyklaryň arasyndan aýrylyp saplanyp melekleriň mertebesine göteriljekler. O dünýäniň asmany ýyldyzsyz boljak. Ýyldyzlaryň hemmesi dökülip, bu älemiň daşyny gurşajak we jähennemi emele getirjek».

Işrakiýe mekdebiniň biziň içimizde hem ýetişdiren beýik şahsyýetleri bardyr. Hallaç Mansur we döwrüň ymamy diýlip kabul edilen Muhiddin Arabi hem bularyň arasyndadyr. Işrakiýe Endulusda-da yslam filosoflary tarapyndan ykrar edilipdir we täze eflatunçylyk (neo Platonizm) yslam älemini gurşap alypdyr. Neo Platonizm ähli mekdep we medreselerde ölümden soň dirilmegiň bu ýaşaýşyň dowamydygyna barmak basyp, bu hakykaty kabul edipdir. Bularyň hemmesi şuny düşündirýär, ýagny pelsepe taryhy Epikur, Demokrit ýaly maddadan başga hiç zady görmeýän käbir dar düşünjeli, köre-kör garaýyşlylar diýäýmeseň galanlary ahyret akydasyna, ruhuň bakylygyna ynanan we bu meselä ünsi çeken müňlerçe filosofyň pikiri bilen doludyr.

Desjartesiň (Dekart) Allahyň bardygyny we ruhuň bakylygyny görkezýän «Saniha» diýen bir eseri bar. Bu mesele bilen baglanyşykly kalbyň ylhamlary ýazylan bu eserde ilkinji gezek nefsiň göze görünmeýän bir ruhdugy we bakylygy çynlakaý öwrenilip beýan edilipdir. Desjartes ruhuň nädip bakylyga ýetýändigini indiki eserinde aňlatjakdygyny wada beripdir, emma, bu ugurdan bar bolan eserleriniň arasynda ol tapylmandyr. Ýöne «Saniha» eserinde ahyrete degişli meseleler şeýle gowy beýan edilipdir we ikinji bir esere zerurlyk hem galmandyr.

Desjartesden soňam ylahyýetçi filosoflar geçipdir. Leibniz we Spinoza hem olardandyr. Leibniz monatlar ýörelgesini ulanyp: «Monatlar soňsuzlygyň syryny açýar. Herhal, bu ýerde wagt çäklidir. Şonuň üçin soňsuzlygyň syry açylyp bilinmez. Onuň üçin zamanyň çäksizligi gerek. Diýmek bu monatlaryň açyşynyň subut edilip bilinjek ýeri zamanyň çäksiz bolan başga bir älemdir. Beýle bolsa her şahs monatlaryny açyp bilmek üçin ebedi we baky ýaşajakdyr».

Spinoza bolsa meseläni umumylaşdyrýar. Şahsyýet bolup däl-de, umumy bolup, topar-topar bir beden görnüşinde ýaşaljakdyny aýdýar. Ol bu düşünjesi bilen wahdet-i wujud akydasyna sahypdyr. Meseläni döwrümize çenli getirsek, Paskal we Bergsonyň hem haşyr akydasyna ynanan filosoflardygyny aýdyp bileris.

Maarri dinsiz şahyrdyr. Kä ýerde kä ýerde din meselesiniň üstünden gülýär. Emma şolam Risaletül-Güfranyň hem Kurany Kerimden setirlerini alyp haşyr gününi suratlandyrmaga çalşypdyr.

Dante jennet, jähennem we Araf suratlandyrmalary bilen edil Marriniň pikirlerini ösdüren ýalydyr.

Bular we bular ýaly esasan din duşmanlary bolsalaram haşyr akydasyndan söz açman geçip bilmedik müňlerçe ýazyjy we şahyr bardyr. Hawa, haşyr akydasy şeýle bir hakykatdyr, ony duşmanlaryna çenli tassyk edendirler.

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2021 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr